Nothing playing

Ýyljak gujagyñy küýsedim ýene. Kän gözledim, emma tapmadym eje. Göremde illeri kemsindim diñe, Urunup her gije, ýatmadym eje. Günlerimin süýjüsi hem gutardy, Sensizlik belasy o:da iterdi, Jansyz jeset ellerimde ýatyrdy, Ynanman yralap görüpdim eje. Yoklugyñda saýramaýar guşlaram, Sowulanok añzak aýaz gyşlaram, Gözlerimden syrygyp dur ýaşlarym, Bu gussanyñ soñy ýokmy ayt eje. Säher oýarýan ýok sypap başymy, Goraýan ýok gala bolup daşymy, Öwredenok hiç kim etjek işimi, Öz-özüme ýardam berýän jan eje. Bir üýşmejik guma dönüp ýatyrsyn, Haçan meni arzuwyma ýetirsin? Şatlykly günlerim ýene getirsiñ, Sonsuz hasratlardan ýadadym eje. Guburyña geldim, doga edeýin, Yene bir gez, bu awudan dadaýyn. Rugsat berseň käbäm indi gideýin, Men ýene gelerin söz berýän eje. Guburyña geldim, doga edeýin, Yene bir gez, bu awudan dadaýyn. Rugsat berseň käbäm indi gideýin, Men ýene gelerin söz berýän eje.
Sign in to leave a comment.
No comments yet. Be the first!